TÜRKMENİSTAN ARAŞTIRMALARI VE İNCELEMELERİ MERKEZİ hizmetinizdedir. Bu Site Oğuz-han Yanar Tarafından Hazırlanmıştır.

Günün Resmi
 


Geografiki Ýerleşişi, Relýefi We Klimaty-Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi

Geografiki ýerleşişi. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Relýefi.Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Klimaty. Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.





KAYNAK:
http://www.science.gov.tm/tm/turkmenistan/geodata/




 

');//-->

      AHAL MARY LEBAP DAŞOGUZ BALKAN

AHAL

MARY

LEBAP

DASOGUZ

BALKAN

Myhman depderi

http://www.taryh.8m.com
 

"Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri" internet sahypasy Türkmen-türk mekdepleriniň Baş müdirliginiň Türkmenistanyň taryhy we geografiýasy usuly bölüminiň müdiri Jumamyrat Gurbangeldiýew tarapyndan taýýarlanyldy. Bu taslama 2001-nji ýylyň 3-10 ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilen Bilim sergisinde 2-nji orna mynasyp boldy.
Sahypanyň maglumatlary peýdalanylanda awtorlyk hukugy saklanylmalydyr.
Dizaýn:
agAjan amangeldi@yahoo.com


Peýdalanylan edebiýatlar :

  • Asanow A.A. Pamýatniki arhitektury srednewekowogo Horezma. Taşkent, 1971.
  • Ýakubowskiý A.Ý. Razwaliny Urgença. Leningrad, 1930.
  • Halimow N. Köneürgenç : ýadygärlikler we rowaýatlar //”Türkmenistanyň ýadygärlikleri” , N 2 (34), 1982.
  • Halimow N. Gadymy Ürgenje syýahat. Aşgabat, “Ylym”, 1986.
  • Halimow N. Pamýatniki Urgença (sooruženiza, nadpisi i legendy). Aşhabad, “Turkmenistan”, 1991.
  • W.I. Pilýawskiý. Kunýa-Urgenç. Leningrad, 1974.
  • S.P. Tolstow. Drewniý Horezm. Moskwa, 1948.
  • Weýmarn B.W. Iskusstwo Sredneý Azii. M-L., “Iskusstwo”, 1940.
  • Ýusupow Hemra. Serdse drewnego Horezma. Aşgabat, “Ýurt”, 1993.
  • Snesarew G.P. Horezmskiýe legendy kak istoçnik po religioznyh kultow Sredneý azii. Moskwa, 1983.
  • G.A. Pugaçenkowa. Staryý Merw. (putewoditel po gorodişam i pamýatnikam). Aşhabad, 1960.
  • G.A. Pugaçenkowa. Staryý Merw. (putewoditel po gorodişam i pamýatnikam). Aşhabad, 1960.
  • G.A. Pugaçenkowa. Meçet Anau. Aşhabad, 1959.
  • Ahmedow A. Gadymyýetiň ýaňy. (Ylmy-populýar oçerkler). Ikinji neşir. Aşgabat, “Magaryf”, 1993
  • Ekäýew O., Gündogdyýew Ö. Mary - “Şalaryň kalby”. Mary - “Duşa sareý”, Aşgabat, “Alhoda”, 1998.
  • Atagarryýew Ý., Hojanyýazow T. Turkmenistan na “Welikom Şýolkowom puti”. Aşgabat, “Ylym”, 1990
  • Gundogdyýew O. Mawzoleý sultana Sandžara // gazeta ”Weçerniý Aşgabat”, 9 fewralýa 1994
  • Gündogdyýew Ö. Merw orta asyrlarda // ”Diýar” žurnaly, No 4, 1997
  • Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary. Sokrowişa parfýanskih sareý. Aşgabat, “Harp”, 1991

ýokaryk

 

 

Ziyaretçi Sayısı
http://www.mxcounters.com
mx counters
Takvim

Hava Durumu
<
 
Bugün 2 ziyaretçi (15 klik) kişi burdaydı!
=> Sen de ücretsiz bir internet sitesi kurmak ister misin? O zaman burayı tıkla! <=
© 2007 Tüm hakları saklıdır. İsim belirtilmek şartıyla faydalanılabilir.